Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitinde PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2075696
Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitinde PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge dowam edýäris. Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora we terrorçylara garşy göreşimiz täsirli we tutanýerli ýagdaýda dowam edýär" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrliginden ozal berilen beýanatda Yragyň demirgazygyndaky Gara, Metina, Hakurk we Kandil sebitlerinde geçirilen howa operasiýalarynda aralarynda ýokary derejeli ýolbaşçylar hem bolan 13 nyşananyň ýok edilendigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK , #demirgazyk , #Yrak

Degişli Habarlar