Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

“Bozdogan-45” operasiýasynda 1-i gyzyl sanawda gözlenýän 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2155132
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Batman welaýatynyň Gerjüş etrabynda geçirlen “Bozdogan-45” operasiýasynda 1-i gyzyl sanawda gözlenýän 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial mediadan beren habarnamasynda 6 howpsuzlyk gullukçysynyň şehit bolmagyna, 19 gullukçynyň ýaralanmagyna sebäp bolan 9 hüjüme gatnaşan 1-i gyzyl sanawda gözlenýän 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.

Howa güýçleri serkerdeligine degişli uçarlar, ATAK hüjüm dik uçary we ýaragly uçarmansyz howa ulagy hem operasiýa goldaw berdi.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa Gurban baýramy dynç alyşynda iýun aýynyň 15-19-y aralygynda 4-i mämişi, 2-i çal sanawda gözlenýän jemi 11 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýan etdi.

Terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam edýändigine ünsi çeken Ýerlikaýa, “Şehitlerimiziň gany ýerde galmady, galmaz. Terror öýjüklerini derbi-dagyn etmäge dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar