Diýarbakyr we Mardin welaýatlarynyň aralygyndaky sebitde bolan ýangynda 11 adam ýogaldy

Türkiyäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Diýarbakyr bilen Mardin welaýatlarynyň arasyndaky sebitde bolan saman ýangynynda 11 adamyň ýogalandygyny habar berdi

2154758
Diýarbakyr we Mardin welaýatlarynyň aralygyndaky sebitde bolan ýangynda 11 adam ýogaldy

Diýarbakyr we Mardin welaýatlarynyň aralygyndaky obalarda düýn agşam sypal ýangyny boldy. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja ýangyn sebäpli 11 adamyň ýogalandygyny, 78 adama hem ýangynyň ýaramaz täsir ýetirendigini mälim etdi. 

Diýarbakyr welaýatynda 4-i intubirlenen jemi 5 adamyň hassahananyň reanimasiýa bölümlerindedigini aýdan Fahrettin Koja, Şanlyurfa welaýatynda hem 1 adamyň intubirleme bejergisini alýandygyny habar berdi. 

Fahrettin Koja ýangynyň degişli edaralar tarapyndan söndürilendigini, sowadyş işleriniň dowam edýändigini beýan etdi. 

Fahrettin Koja ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa gyssagly şypa diledi. 



Degişli Habarlar