“Biz Palestinanyň Ýeňiş Gazanjakdygyna Doly Ynanýarys”

Erdogan, Gresiýa guran saparyndan gaýdyşyn uçarda beýannama berdi

2074354
“Biz Palestinanyň Ýeňiş Gazanjakdygyna Doly Ynanýarys”

Prezident R. T. Erdogan, Ýakyn Gündogarda 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän çaknyşyklar barada “Biz Palestinanyň ýeňiş gazanjakdygyna doly ynanýarys” diýdi.

Erdogan, Gresiýa guran saparyndan gaýdyşyn uçarda beren beýannamasynda “Palestinanyň ýeňiş gazanmagy diýmek, dünýäda parahatçylygyň ýola goýulmagy diýmektir. Halkara hukuk kadalaryna sarpa goýulmagyny isleýän bolsak Palestinanyň gazanmagyna goldaw bereliň” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşmak meselesiniň gün tertibinde bolmandygyny aýdan Prezident Erdogan, “Gaza meselesinde alyp barýan tutumyny hemmämiz bilýäris. Talap gelen halatynda ýene-de telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip bileris” diýip belledi.

Hamasyň syýasy hereketdigine ünsi çeken Prezident Erdogan, “Hamas, syýasy partiýa hökmünde saýlawa gatnaşdy we üstünlik gazandy. Emma siz Hamas terror guramasy diýýärsiňiz. Siziň diýmegiňiz bilen biz Hamasa terror guramasy diýmeris” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar