Türkiye Mýanmadaky çaknyşyklar barada beýannama berdi

Türkiye Mýanmada soňky aýlarda barha möwç alan çaknyşyklara we artan asuda ilat ýitgilerine uly alada bilen gözegçilik edilýändigini habar berdi

2144225
Türkiye Mýanmadaky çaknyşyklar barada beýannama berdi

Türkiyäniň daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, soňky günlerde arakanly musulmanlar (Rohinjalar) başda bolmak bilen Arakan welaýatyndaky asuda ilata garşy guralýan hüjümleriň we on müňlerçe adamyň ýaşaýan ýerlerinden göçmegine sebäp bolan düzgün bozmalaryň başdan geçirilendigi baradaky habarlara çuňňur gynanç bildirilýändigi habar berildi. 

"Türkiye Mýanmada soňky aýlarda barha möwç alan çaknyşyklara we artan asuda ilat ýitgilerine uly alada bilen gözegçilik edýär" diýip bellenen beýanatda: "Biz çaknyşygyň taraplaryny halkara hukugynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny berjaý etmäge, asuda ilaty we raýat infrastrukturasyny goramaga, mejbury ýarag astyna almak ýaly etnik ýa-da dini çaknyşyklary güýçlendirjek hereketlerden saklanmaga, gyssagly we üznüksiz ynsanperwer kömegini üpjün etmek üçin bu sebite girmäge rugsat berilmegi barada çagyryş berýäris" diýip beýan edildi. 


Etiketkalar: #Mýanma , #Arakan , #Türkiye

Degişli Habarlar