Türkiyäniň daşary işler ministri Belgiýada saparda bolar

Ministr Fidan saparynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar hem geçirer

2144252
Türkiyäniň daşary işler ministri Belgiýada saparda bolar

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan, “Palestina” temaly maslahata gatnaşmak maksady bilen şu gün Belgiýanyň paýtagty Brýussele gider.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, maslahatda, Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar we Palestina döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykarar edilmegi üçin edilýän tagallalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Ministr Fidan saparynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar hem geçirer.

Hakan Fidan Palestina ynsanperwer kömek bermäge dowam edýän halkara hyzmatdaşlaryň Palestinanyň premýer ministri Muhammed Mustafa bilen duşuşyk geçirjek "Halkara Hyzmatdaşlar" atly maslahata gatnaşar. 

Maslahatda Palestinanyň premýer ministri Muhammed Mustafanyň hökümediň ileri tutýan ugurlary we meýilnamalary barada çykyş etmegi, şol çäkde Palestinanyň sezewar galan kynçylyklarynyň öňündäki tamalary paýlaşmagy göz öňünde tutulýar. 

Bu maslahat mynasybetli halkara hyzmatdaşlaryň Palestina hökümeti bilen interaktiw diýalog geçirmegi maslahatlaşylar. 

Gaza berilýän ynsanperwer kömekleriň uly bölegi Türkiye tarapyndan üpjün edilýär. Türkiye syýasy ýagdaýda Palestina ähli platformalarda goldaw berýär we palestinalylaryň arasyndaky jebislik tagallalaryny höweslendirýär. 



Degişli Habarlar