Hakan Fidan Ispaniýada saparda bolar
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ortaýer deňizi üçin Bileleşigiň 8-nji Sebitleýin forumyna gatnaşmak maksady bilen Ispaniýanyň Barselona şäherine gitdi
2069331
Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, forumda gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Gazadaky ynsanperwer krizisiň we sebitdäki ýagdaýyň boljakdygy habar berildi.
Ministr Hakan Fidan saparyň çäginde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň-Arap Bileleşiniň nobatdan daşary sammiti tarapyndan ygtyýarlandyrylan beýleki ýurtlaryň Daşary işler ministrleri bilen bilelikde, Ispaniýanyň Daşary işler ministr Hose Manuel Albares Bueno bilen hem Gazadaky soňky hadysalary ara alyp maslahatlaşar.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan Palestina Temaly Maslahata Gatnaşdy
Palestina Döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi üçin tagalla edilmeli