Hakan Fidan Palestina Temaly Maslahata Gatnaşdy

Palestina Döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi üçin tagalla edilmeli

2144386
Hakan Fidan Palestina Temaly Maslahata Gatnaşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Palestinany ykrar etmegiň yza süýşürilmeginiň meseläni çözmejekdigini diňe Ysraýylyň wagt utmagyna sebäp boljakdygyny aýtdy.

Hakan Fidan, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen Palestina temaly maslahata gatnaşdy.

Ysraýylyň, Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň palestinalylary ýok etmek meýilnamasyny durmuşa geçirmekde egilşik etmeýändigine ünsi çeken Fidan, şol rehimsiz ýok edilşik meýilnamasynyň Gazadan Günbatar Şeriýa we Gündogar Iýerusalima tarap göwrümini giňeldýändigini belledi.

Fidan, ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelmek üçin Palestinanyň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegine rugsat berilmelidigine ünsi çekdi.

Palestina Döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi üçin tagalla edilmelidigini aýdan Fidan, muny yza süýşürmegiň meseläni çözmejekdigini diňe Ysraýylyň wagt utmagyna sebäp boljakdygyny nygtady.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, maslahatyň öňüsyrasynda Ispaniýanyň Daşary işler we Ýewropa Bileleşigi ministri Hoze Manuel Albares bilen duşuşdy.

 



Degişli Habarlar