Prezident Erdogan, Guterreş we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan, sebitde asudalyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

2049168
Prezident Erdogan, Guterreş we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
putin-erdogan.jpg
guterres-erdogan.jpg

Prezident R. T. Erdogan, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Guterreş, Ysraýyl-Palestina çaknyşygy, Türkiýäniň töwellaçylyk teklibi we asuda ilata ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi meselesi hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde taraplaryň aşa güýç ulanmagynyň dartgynlygyň has-da möwjemegine sebäp bolup biljekdigini nygtady.

Erdogan bilen Putin hem telefon söhbetdeşliginde Ysraýyl-Palestina çaknyşygy we dartgynlygyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak üçin görüljek çäreler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, sebitde asudalyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar