Hakan Fidan Fransiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşoglu kärdeşi Kolonna, DKTR-nyň hökümetiniň taýarlan Pile-Ýigitler ýoly taslamasy hakynda maglumat berdi

2026193
Hakan Fidan Fransiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Fransiýanyň Daşary işler ministri Ýekaterina Kolonna bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, ministr Fidan kärdeşi Kolonna, DKTR-nyň hökümetiniň taýarlan Pile-Ýigitler ýoly taslamasy hakynda maglumat berendigi nygtaldy.

Beýannamada, Fidan bilen Kolonnanyň telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy hakynda pikir alyşandygy bellenildi.

DKTR-nyň Daşary işler ministrligi, BMG-nyň gözegçiligi astyndaky Ýaşyl liniýada ýerleşýän Pile obasyna DKTR-dan aňsatlyk bilen bagylmagy üçin gumanitar maksatly Pile-Ýigitler ýoly taslamasyny taýarlandygyny habar beripdi.

 



Degişli Habarlar