Soňky 10 günde 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Soňky 10 günde terror guramasy PKK-a agza 40-a golaý terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Kaýseri welaýatynda saparda bolýan Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, terrora garşy göreş barada beýannama berdi.
Terrory gözbaşynda ýok etjekdiklerini aýdan Hulusi Akar: "Esgerler terrorçylaryň ýeňsesinde. Yragyň demirgazygynda terrorçylaryň ýerleri, gaçybatalgalary, gowaklary üstlerine ýumruldy, ýumrulmaga dowam edilýär. Düýn Yragyň demirgazygynda guramanyň 2 ýolbaşçysy boýun egdi. Siriýa serhedinde hem 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen soňky 10 günde 40-a golaý terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi.
Türkiyäniň Yrak we Siriýa başda bolmak bilen ähli goňşy ýurtlarynyň serhetlerine, territorial bütewiligine hormat goýandygyny aýdan Hulusi Akar: "Ony ähli söhbetdeşlerimize aýdýarys" diýip mälim etdi.
Esgerleriň Siriýanyň demirgazygynda emele getirilmek islenen terror koridoryny derbi-dagyn edendigini ýatladan Hulusi Akar: "2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri 37 müň 793 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi.