TJG Anadoly gämisi bir hepdäniň dowamynda raýatlara açyk bolar

Birnäçe wagt ozal işe girizilen TJG Anadoly gämisi şu gün Stambulda halk köpçüligine açylar

1975619
TJG Anadoly gämisi bir hepdäniň dowamynda raýatlara açyk bolar

Dünýäniň ilkinji ýaragly uçarmansyz howa ulagy gämisi bolan TJG Anadoly gämisi, Stambul şäheriniň Tuzla etrabyndaky Sedef gämi gurluşyk ussahanasynda geçirilen dabara bilen Türkiyäniň Harby-deňiz güýçlerine gowşuryldy. 

Türkiyäniň iň uly harby gämisi bolan TJG Anadoly gämisi 17-23-nji aprel aralygynda Stambulda halk köpçüligine açylar. 

Saraýburnu portynda durjak gämi aşakdaky günlerde we sagatlarda açyk bolar. 

TJG Anadoly gämisine tomaşa edip boljak günler we sagatlar: 

17-nji aprel, sagat: 13.00-18.00.
18-nji aprel, sagat 10.00-18.00.
19-njy aprel, sagat 10.00-18.00.
21-nji aprel, sagat 10.00-18.00.
22-nji aprel, sagat 10.00-18.00.
23-nji aprel, sagat 10.00-18.00.


Etiketkalar: #gämi , #TJG Anadolu

Degişli Habarlar