Ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 29 müň 605 adama ýetdi

6-njy fewralda başdan geçirilen 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerinde 29 müň 605 adam ýogaldy

1945445
Ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 29 müň 605 adama ýetdi

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD tarapyndan berilen beýanatda, Kahramanmaraş weaýatynda başdan geçirilen 7,7 bal ululygyndaky ýer titremeden soň, häzirki wagta çenli 2 müň 412 kiçiräk ýer yranmalaryň bolandygy habar berildi. 

Beýanatda: "Ýer titremäniň başdan geçirilen sebitde alynyp barylýan işlere jemi 233 müň 320 işgär bilen 12 müň 322 ulag we iş ulagy gatnaşýar. Türkiye wagty bilen sagat 15:55-e çenli ýer titremede ýogalanlaryň sany 29 müň 605 adama ýetdi. Ýer titreme sebitindäki 147 müň 934 raýatymyz başga welaýatlara ewakuasiýa edildi. Daşary işler ministrligi bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde beýleki ýurtlardan kömek üçin gelen 9 müň 369 adam tebigy apat zolagyna gönükdirildi. 70 uçar, 167 dikuçar, 24 gämi, 45 uçarmansyz howa ulagy, 9 dron sebitde iş alyp barýar. Gyzyl ýarymaý jemgyýeti we beýleki raýat jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýer titremäniň täsir ýetiren sebitlerine 319 göçme aşhana, 86 iýmit paýlaýyş ulagy we 33 göçme çörek bişirilýän ojak, 83 wanna we kir ýuwulýan bölüm gönükdirildi. Sebitdäki raýatlara çorba, gyzgyn nahar, iýmit, içgi paýlanýar. Psihososial goldaw hyzmatlary üçin sebite 2 müň 552 adam we 384 ulag gönükdirildi" diýip habar berildi.



Degişli Habarlar