Türkiýe, Ysraýyly Ýazgardy

“Ben Gwiriň, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň gözegçiligi astynda bolan Aksa metjidine guran operasiýasyna alada bildirýäris we ýazgarýarys”

1927456
Türkiýe, Ysraýyly Ýazgardy

Türkiýe, Ysraýylyň aşa sagçy Milli Howpsyzlyk ministri Itamar Ben-Gwiriň, Aksa metjidine guran operasiýasyna alada bildirýändigini we wakany ýazgarýandygyny mälim etdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Ben Gwiriň, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň gözegçiligi astynda bolan Aksa metjidine guran operasiýasyna alada bildirýäris we ýazgarýarys” diýildi.

Beýannamada, Ierusalimdäki dini ýerleriň statusynyň goralmagy we sebitde dartgynlyga sebäp bolup biljek haýsydyr bir hereketiň öňüniň alynmagy üçin Ysraýyla çagyryş berildi.

Ysraýylyň aşa sagçy Milli Howpsyzlyk ministri Itamar Ben Gwir, şu gün irden Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň gözegçiligi astynda bolan Aksa metjidine operasiýa gurap Haremi Şerife giripdi.

Ben-Gwir, 5 ýyl soň Aksa metjidine giren ilkinji ysraýylly ministr boldy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar