Erdogan Siliwri Tebigy gaz ammarlaýyş desgasynyň göwrüminiň giňeldilmegi dabarasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan, Türkiyäniň eýe bolan mümkinçilikleri bilen, dünýäniň öňdebaryjy energiýa söwda merkezleriniň biri ýagdaýyna öwrülendigini beýan etdi

1920053
Erdogan Siliwri Tebigy gaz ammarlaýyş desgasynyň göwrüminiň giňeldilmegi dabarasyna gatnaşdy
silivri dogal gaz depo.jpg
erdogan.jpg

Prezident Erdogan, Stambulda Siliwri Tebigy gaz ammarlaýyş desgasynyň göwrüminiň giňeldilmegi dabarasyna gatnaşdy.

Siliwri Tebigy gaz ammarlaýyş desgasynyň göwrüminiň 4,6 milliard kub metre ýetendigini aýdan Prezident Erdogan: "Şu günki açylyş bilen bilelikde Siliwri Ýewropadaky iň uly ýerasty gaz ammarlaýyş desgasyna öwrüldi. Ankara Duz kölündäki desganyň göwrümini giňeltmek bilen bagly işler tamamlanan mahaly ol ýerde hem meňzeş görkezijä eýe bolarys" diýip habar berdi. 

Soňky wagtlarda Türkiýede tapylan nebit gorlarynyň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Iň gysga wagtda gündelik nebit önümçiligimizi 100 müň barrele ýetireris, ondan soň bolsa has uly açyşlar ederis we önümçilikler üçin ýolumyzy dowam etdireris" diýip mälim etdi. 

Türkiyäniň eýe bolan mümkinçilikleri bilen, dünýäniň öňdebaryjy energiýa söwda merkezleriniň biri ýagdaýyna öwrülendigini aýdan Prezident Erdogan: "Maksadymyz ýurdumyzy iň gysga wagtda tebigy gaz salgylanma bahalarynyň emele gelýän global merkez ýagdaýyna öwürmekdir" diýdi we bu meselede Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen möhüm gepleşikler geçirendigini habar berdi. 

Orta Aziýadaky we Ortaýer deňizindäki soňky hadysalar we Türkiýäniň Liwiýa bilen gazanan ylalaşyklaryny göz öňünde tutan Erdogan, energiýada täze üstünlikler amala aşyrmak üçin uly tagalla edýändiklerini beýan etdi. 

"Düýn bize garşy bolanlar, şu günki gün hyzmatdaşlyk üçin biziň gapymyza gelýärler. Şu günki gün bize garşy bolmaga dowam etdirýänleriň hem ertirki gün dostlugymyza mätäç boljakdygyna ynanýarys" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Milletimizi Türkiye Asyryna taýarlamaga dowam edýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar