Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkmenistana guran saparyndan soň düýn agşam Türkiyä gaýdyp geldi

1919083
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi

Prezident Erdogany Esenboga howa menzilinde Wise-prezident Fuat Oktaý, Ankaranyň gubernatory Wasip Şahin we beýleki resmiler garşyladylar. 

Prezident Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Söwda ministri Mehmet Muş, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Prezidentiň Goranmak senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn paýtagt Ankara geldiler. 



Degişli Habarlar