Prezident Erdogan Manisa welaýatynda saparda boldy

Prezident Erdogan: "Türkiýäni dünýäniň syýasy we ykdysady taýdan iň güýçli döwletleriň hataryna goşmakda tutanýerlidiris" diýip nygtady

1870418
Prezident Erdogan Manisa welaýatynda saparda boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan düýn Manisa welaýatynda saparda bolan mahaly eden çykyşynda, dünýäiň yzly-yzyna krizisleri başyndan geçirýän bir döwründe Türkiýäniň maksatlaryna tarap tutanýerlilik bilen ýöreýändigini habar berdi.

Prezident Erdogan: "Iki gün ozal nirededim? Ukrainadadym. Bir hepde ozal nirededim? Soçidedim. Näme üçin? Dünýäniň parahatçylygyny dikeltmek üçin. Biz bu ýolda dünýäniň parahatçylygy üçin bardyrys. Söweş üçin däl parahatçylyk üçin bardyrys" diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar