Türkiýe asuda ilaty nyşana alýan islendik hüjüme garşydygyny beýan etdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beýannama berdi

1857512
Türkiýe asuda ilaty nyşana alýan islendik hüjüme garşydygyny beýan etdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Yragyň Duhok welaýatynyň Zaho etrabynda bir çeşmäniň kenarynda guralan we ilkinji kesgitlemelere görä 8 adamyň ýogalan, 23 adamyň ýaralanan hüjüm barada beýannama berdi.

Beýanatda: "Bu elhenç hadysada ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýogalan adamlaryň ýakynlary başda bolmak bilen dostlukly we doganlyk Yragyň halkyna we hökümedine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris. Türkiýe asuda ilaty nyşana alýan islendik hüjüme garşydyr. Türkiýe terrora garşy göreşini halkara hukuga laýyklykda, asuda ilatyň, raýat infrastrukturasynyň, taryhy we medeni barlyklar bilen tebigadyň goralmagyna örän ýokary duýgurlyk görkezip alyp barýar. Bigünä adamlary nyşana alan we terror guramasy tarapyndan guralandygy häsýetlendirilen bular ýaly hüjümler bilen ýurdumyzyň terrora garşy göreşdäki hakly we tutanýerli pozisiýasynyň nyşana alynýandygy häsýetlendirilýär. Türkiýe hakykatyň ýüze çykmagy nokadynda her dürli ädimi etmäge taýardyr" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan howpsuzlyk çeşmeleri ady agzalan hüjümiň terrorçylar tarapyndan guralandygyny mälim etdi.

Ekstermist terror guramasy PKK/KJK-nyň asuda ilaty nyşana alýandygy, sebitiň halkynyň obalaryna, ekin-meýdanlaryna we bakjalaryna gidip bilmeýändigi baradaky hakykatlar bilinýän mahaly, bular ýaly görnüşli habarlaryň ünsleri öz üstünden aýyrmak, duýgurlyk emele getirmek üçin meýilnamalaýyn we taraplaýyn häsýetde görkezilendigini beýan eden habar çeşmeleri, ady agzalan wakanyň terrorçylar tarapyndan amala aşyrylandygyna göz ýetirilendigini habar berýärler. 



Degişli Habarlar