Çawuşogly: "TÝG-den alan maglumatymyza görä asuda ilata garşy hiç hili hüjüm guralmady"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden alan maglumatymyza görä, asuda ilata garşy hiç hili hüjüm guralmady" diýdi

1857647
Çawuşogly: "TÝG-den alan maglumatymyza görä asuda ilata garşy hiç hili hüjüm guralmady"

TRT Habar kanalyna beýanat beren Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýäniň hiç wagt asuda ilata garşy hüjüm guramandygyny belläp: "Halkara hukuga laýyklykda biz terrora garşy göreş alyp barýarys. Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden alan maglumatymyza görä, asuda ilata garşy hiç hili hüjüm guralmady. Biziň nyşanamyzda Siriýadaky terror guramalary bar. Yrakda hem şu günki güne çenli hemişe terror guramalaryna garşy boldy" diýip habar berdi. 

"Terror guramalary tarapyndan guralandygyny pikir edýän bu hyýanatçylykly hüjümiň netijesinde Yragyň resmileri bilen hyzmatdaşlyk edip biljekdigimizi beýan etdik" diýen Mewlüt Çawuşogly: "Bu ýerde ýene-de bir gezek nygtap geçmek isleýärin. Bu duman perdesi gelmeden Türkiýä garşy günäkärlemeleri ret edýäris. Türkiýä garşy resmiler tarapyndan ýa-da resmi bolmadyk töwereklerden berilen beýanatlary ret edýäris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar