Eren Gabaw operasiýasynda şu günki güne çenli 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy 15-nji aprelde başladylan Eren Gabaw operasiýasynda şu günki güne çenli 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1830106
Eren Gabaw operasiýasynda şu günki güne çenli 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda Eren Gabaw operasiýalarynyň ýurdyň içinde PKK-ny ülkäniň gün tertibinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin “gözle-tap-ýok et” strategiýasy bilen alynyp barylýandygy habar berildi.

Beýanatda 8 müň 266 harby gullykçynyň gatnaşýan Eren Gabaw operasiýalarynyň Diýarbakyr, Hakkari, Batman, Şyrnak, Mardin, Tunjeli, Muş, Bingöl, Agry, Elazyg we Hataý welaýatlarynda dowam edýändigi ýatladyldy.

Beýanatda operasiýalarda şu günki güne çenli aralarynda terrordan gözlenýänler sanawynda narynç kategoriýada bolan 1 terrorçynyň hem bolan Agry welaýatynda 1 terrorçy, Hakkari welaýatynda 6 terrorçy we Şyrnak welaýatynda 5 terrorçy bolmak bilen PKK-a agza jemi 12 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda 15-nji aprel-18-nji maý aralygynda geçirilen operasiýalarda, täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylar bilen birlikde guramanyň ýerleşýän ýerleriniň hem ýeke-ýeke anyklanandygy, 31 gowagyň, 124 gaçybatalganyň we 16 ammaryň ýok edilendigi aýan edildi.

Beýanatda Eren Gabaw operasiýalarynyň öňümizdäki günlerde geriminiň giňeldiljekdigi habar berildi.



Degişli Habarlar