Erdogan Rus Halkyna, Edebiýatyna, Sungat Ussatlaryna Çäklendirmelere Reaksiýa Bildirdi
Prezident R.T.Erdogan rus halkyna, edebiýatyna, sungat ussatlaryna girizilen çäklendirmelere reaksiýa bildirdi.
Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisäki toparynyň maslhatynda çykyş etdi.
Çykyşynda Russiýa-Ukraina söweşi hakynda durup geçen Erodgan ejir çekýänleri dini ynanjyna, etniki gelip çykyşyna, dersiniň reňkine görä tapawutlandyrýan düşünjäniň ne adamkärçilik ne-de medeniýet bilen hiç hili arabaglanşygynyň bolmandygyny aýtdy.
Günbatar dünýäsiniň halklary rak öýjügi ýaly gurşap alan rasist keseli bilen ýüzleşmeginiň hökmanydygyny nygtan Prezident Erdogan; “Ukrainanyň goldawsyz goýulmagy ýaly rus halkyna, onuň edebiýatyna, talyplaryna, sungat ussatlaryna garşy çemeleşmeleri hem kabul etmeýäris. Germaniýada flarmoniýa orkestriniň ýolbaşçysy Putiniň dosty bolany üçin işden çykarylýar. Şeýle samsyklyk bolarmy? Beýleki tarapa seretseňiz Dostoýewskiniň eserleri, İtaliýada, Ýewropanyň dürli ýurtlarynda olar gadagan edilýär. Bu asyrda, bu döwürde bulary görmek, başdan geçirmek hakykatdan hem bizi gynandyrýar. Şeýle faşist çemeleşmeler, ak bilen garany garyşdyryp, ýigrenji we duşmançylygy öjükdirmek, Ukrainanyň halkynyň kanuny göreşine hem zyýan ýetirýär” diýdi.
Türkiýäniň sebitindäki dartgynlyklara sowuk ganly çemeleşýändigini, durnuly we wyždanly pozisiýa eýeleýändiklerini aýdan Erdogan; “Ýurdundaky söweşden we zulumdan gaçyp, gapymyza gelen adamlaryň hiç haýsysynyň diline, dini ynanjyna, teniniň reňkine seretmedik. Milletimiz ynsanlyk synagyndan ýene-de bir gezek üstünlik bilen geçdi” diýdi.
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň söweşe öwrülmegine çuňňur gynanýandygyny aýdan Erdogan; “Söweşiň gazanany bolmaz” diýdi.
Degişli Habarlar
Iordaniýanyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Bolar
Daşary işler ministri Hakan Fidan ertir iordaniýaly kärdeşi bilen duşuşar.