Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Brýusselde Saparda Bolar

Hakan Fidan, “Palestina” temaly maslahata gatnaşar

2144112
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Brýusselde Saparda Bolar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Palestina” temaly maslahata gatnaşmak üçin ertir Belgiýanyň paýtagty Brýussele gider.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, maslahatda, Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar we Palestina döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykarar edilmegi üçin edilýän tagallalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Ministr Fidan saparynyň çäginde özara duşuşyklar hem geçirer.

Hakan Fidan, Palestina berilýän ynsanperwer kömekler meselesine garaljak “Halkara hyzmatdaşlar” maslahatyna hem gatnaşar

Ministr Fidanyň maslahatyň çäginde Palestinanyň Premýer-ministri Muhammed Mustafa bilen duşuşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar