Erdogan: "Günbataryň üstündigi baradaky mesele ýüze çykarýan düşünjäniň soňuna geldik"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Günbataryň üstündigi baradaky mesele ýüze çykarýan düşünjäniň soňuna gelendikleirni habar berdi

1715127
Erdogan: "Günbataryň üstündigi baradaky mesele ýüze çykarýan düşünjäniň soňuna geldik"

Erdogan Kriteriýa žurnalyna "Has adalatly bir dünýä mümkin" atly kitaby, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi bilen baglanşykly tankydy bellikleri we çözgüt teklipleri bilen bagly interwýu berdi. 

Näme sebäpli bular ýaly kitap çap etmäge karar berendigi bilen bagly soraga Prezident Erdogan, global ulgamyň köptaraplaýyn meseleler bilen ýüz-ýüzedigini beýan etdi. 

Türkiýäniň iň başyndan bäri bu öwrülşige hem öňbaşçylyk etmäge synanyşandygyny hem-de bar bolan meselelere üns çekendigini aýdan Erdogan Türkiýäniň şaýat bolan ähli adalatsyzlyklara din, dil we jyns tapawudyny goýman ünsleri çekendigini aýan etdi. 

Elmyadama adalatly bolmaga, adalatly çözgüt tapmaga üns berendiklerini we deňsizligi gün tertibe getirip global ulgamyň wyždany hökmünde hereket edendiklerini aýdan Erdogan: "Şu günki güne çenli gaty ses bilen orta atan ugurlarymyzy taryhda bellige almak maksady bilen bir kitapda jemlemäge karara geldik" diýip habar berdi. 

Erdogan häzirki dünýä ulgamynyň ençeme meseläni başyndan geçirýändigini, munyň bir ýurdyň hötdesinden gelip biljek meseleler bolmandygyny aýan etdi. 

Dünýä syýasatyna ser salynanda bolsa tapawutly bir kartinanyň bardygyny aýdan Erdogan: "Günbataryň üstündigi baradaky mesele ýüze çykarýan düşünjäniň soňuna geldik. Muny indi her kim tankyt edýär we kabul edýär. Ýüzlerçe ýyllap dowam eden Günbatar gegemoniýasy indi tamam boldy. Täze bir halkara ulgam ýüze çykýar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar