Türkiýede Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 7 müň 112 adama ýetdi

1649817
Türkiýede Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 129 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 47 müň 656 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 223 müň 482 adam testden geçirilip, ýene-de 602 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 7 müň 112 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 9 müň 457 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 124 müň 81 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #koronawirus

Degişli Habarlar