Ismail Demir Entoni Blinkeniň beýanatyna jogap berdi

Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir beýanat berdi

1630445
Ismail Demir Entoni Blinkeniň beýanatyna jogap berdi

Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň "S-400-iň satyn alynmagy ABŞ-nyň howpsuzlygyna wehim salýar" diýip beren beýanatyna: "Biz gerek bolan çäreleri göreris diýip aýtdyk, emma bu babatda hiç hili dialog bolmady. Mundan soň bolar diýip umyt edýärin" diýip jogap berdi. 

Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir, hususy telewideniýe kanallaryň birine beren beýanatynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň "S-400-iň satyn alynmagy ABŞ-nyň howpsuzlygyna wehim salýar. Türkiýe we ABŞ-nyň ähli hyzmatdaşlary Russiýanyň goranyş ulgamlaryndan uzak saklanmagy örän möhüm" diýip belledi. 

Olar ýaly pikirleriniň bolmandygyny aýdan Demir: "Biz ençeme gezek muny bize aýdyň, bizi ynandyryň diýdik. Aladaňyz näme bolsa hyzmatdaşlyk ruhyna laýyklykda ädim ederis diýipdik. Men maslahatlaryň birinde ozalky Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jon Boltona tehniki ýagdaýda bizi ynandyrmagyňyz gerek, bize beýanat bermelisiňiz diýipdim. Özem hawa dogry aýdýaňyz, size beýanat bermelidiris we beýanaty bereris diýipdi. Şol günden bäri beýanata garaşýarys" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Ismail Demir

Degişli Habarlar