Daşary Işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Katarda Saparda Bolýar

Mewlüt Çawuşoglu, Kataryň Emiri Şyh Temin Bin Hamed Al Sani tarapyndan kabul edildi

1581888
Daşary Işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Katarda Saparda Bolýar
cavusoglu-al sani.jpg
Cavusoglu-Katar Emiri Seyh Temim.jpg

Resmi sapar bilen Katara giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Kataryň Emiri Şyh Temin Bin Hamed Al Sani tarapyndan kabul edildi.

Mewlüt Çawuşoglu, sapary hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Kataryň Emiri Şyh Temime Prezident R. T. Erdoganyň salamyny gowşurandygyny nygtady.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu resmi saparynyň çäginde katarly kärdeşi Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy.

Çawuşoglu bilen Al Sani özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Mewlüt Çawuşoglu Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmek bilen dowam edýändigini aýtdy.

Çawuşoglu özara söwda gatnaşyklary we maýa goýumlar bilen birlikde ähli taraplaýyn edilýän gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin birlikde işleşjekdiklerini belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkiýäniň Katar bilen beýleki Pars aýlag ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyndan hoşaldygyny ýatlary.

Mewlüt Çawuşoglu Türkiýäniň, Pars aýglagynyň durnuklylygyna, howpsyzlygyna we asudalygyna uly ähmiýet berýändigini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar