Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Şu Gün Geçirler

Koronawirusa garşy göreş meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär

1574954
Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Şu Gün Geçirler

 Ministrler kabinetiniň mejlisi şu gün Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirler.

Täze görnüş koronawirusa garşy göreş meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, koronawirusa garşy göreşde ýetilen sepgit hakynda maglumat berer.

Koronawirusa garşy başladylan sanjym tapgyry bilen Hytaý, Russiýa we Germaniýa bilen sanjym meselesinde geçirilýän gepleşikler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde mekdepleriň açylyp açylmazlygy meselesi hem gün tertibine getirler.

Ministrler kabinetiniň agzalary ÝB we ABŞ bilen edilýän gatnaşyklarda başladylan täze etap, Türkiýe-ÝB maslahatynyň we Gündogar Ortaýer deňizi konferensiýasynyň geçirilmegi üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşar.



Degişli Habarlar