Hakan Fidan Ukrainanyň Parahatçylygy sammitine gatnaşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Russiýa-Ukraina urşunyň sebäp bolan tragediýanyň günsaýyn erbetleşýändigini we geografiki taýdan ýaýramak howpunyň bardygyny beýan etdi

2153403
Hakan Fidan Ukrainanyň Parahatçylygy sammitine gatnaşdy

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Şweýsariýanyň ýer eýeçilik etmeginde Nidwalden kantonyndaky Býurgenştok şäherçesinde düýn geçirilen Ukrainanyň Parahatçylygy sammitinde çykyş etdi. 

Iki ýyldan gowrak wagt bäri Ýewropanyň merkezinde weýrançylykly uruşyň başdan geçirilýändigini ýatladan Hakan Fidan, ýogalan we ýaralanan adamlaryň sanynyň 500 müňden geçendigini we uruşyň güýçden gaçma uruşyna öwrülendigini beýan etdi. 

Uruşyň dartgynlyklary çuňlaşdyrýandygyny we dünýä derejesinde polýarizasiýany ýaýbaňlandyrýandygyny aýdan Hakan Fidan, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky çaknyşyklaryň ýakyn wagtda uruşdan has uly zada öwrülip biljekdigine ünsleri çekdi. 

Hakan Fidan: "Şu gün geçirilýän konferensiýa köprüden ozalky soňky çykalga bolup biler" diýip habar berdi. 

Türkiyäniň bu meselede adalatly we hemişelik çözgüt üçin halkara tagallalary doly ýagdaýda goldaýandygyny aýdan Hakan Fidan, Türkiyäniň iň gysga wagtda diplomatiýa we gepleşikler arkaly bes edilmegini goldaýandygyny beýan etdi. 

Hakan Fidan Türkiyäniň uruşyň başlamagyndan bäri diplomatik tagallalara işjeň ýagdaýda gatnaşýandygyny belläp: "2022-nji ýylyň mart aýyndaky Stambul gepleşikleri we Gara deňiz Galla geçelgesi başlangyçlary, diplomatiýadan we gepleşiklerden netije alyp boljakdygynyň möhüm alamatlarydyr. Türkiye hemişe bolşy ýaly tapgyry ýeňilleşdirmäge taýardyr" diýip mälim etdi. 

Türkiyäniň parahatçylyk üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini aýdan Hakan Fidan: "Türkiye Ukrainanyň territorial bütewiligine, özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna berýän goldawyny tutanýerlilik bilen dowam etdirýär. Parahatçylyk baradaky düşünjämiz hakyky, hemmetaraplaýyn, durmuşa geçirip boljak we amalydyr. Şol maksat bilen ýol kartasyny emele getirmekde tutanýerlidiris. Prezident Erdoganyň aýdyşy ýaly Adalatly bir parahatçylykda utuljak tarap ýokdur" diýip aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan sammitiň çäginde Yragyň wise-premýeri we daşary işler ministri Fuad Hüseýin bilen duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar