Ýene-de 17 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam edýär.

2153306
Ýene-de 17 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-ly 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam edýär. Gahryman Türk ýaragly güýçlerimiz, Yragyň demirgazygynda Hakurk we Penje Gulp operasiýalary zolagynda PKK-ly 8 terrorçy bilen Siriýanyň demirgazygynda Ýefrat Galkany we Parahatçylyk Çeşmesi zolagynda ýerleri anyklanylan PKK/ÝPG-li 9 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi” diýildi.

 



Degişli Habarlar