Prezident Erdogan raýatlary Gurban baýramlary bilen gutlady

Erdogan Gurban baýramy bilen mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde: "Baýramyň kalbymyza asudalyk, ýurdumyza abadançylyk, Palestina we Sudan başda bolmak bilen köňül geografiýamyza parahatçylyk getirmegini dileýärin" diýip belledi

2153373
Prezident Erdogan raýatlary Gurban baýramlary bilen gutlady

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gurban baýramy bilen mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde: "Milletimizi we Yslam dünýäsini Gurban baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Baýramyň kalbymyza asudalyk, ýurdumyza abadançylyk, Palestina we Sudan başda bolmak bilen köňül geografiýamyza parahatçylyk getirmegini dileýärin. Baýramyňyz mübärek bolsun" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar