"Penje-Gaplaň" operasiýasynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda geçirilýän "Penje-Gaplaň" operasiýasy sebitinde 1 esger şehit boldy

1439611
"Penje-Gaplaň" operasiýasynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde düýn terrorçylar bilen bolan ýaragly çaknyşykda ýaralanan bir esgeriň hassahana ýatyrylandygy, edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigi we şehit bolandygy aýan edildi. 

Beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçynyň bolsa howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 



Degişli Habarlar