Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 156 müň 22 adama ýetdi.

1438850
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 21 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 882 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 48 müň 412 adam testden geçirilip, ýene-de 1304 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1382 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 156 müň 22 adama ýetdi.



Degişli Habarlar