Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 152 müň 364 adama ýetdi

1436502
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 18 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 825 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 42 müň 32 adam testden geçirilip, ýene-de 1592 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 947 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 152 müň 364 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #koronawirus

Degişli Habarlar