Türkiýede koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 30-a ýetdi

Türkiýede täze görnüş koronawirus (Kovid-19) pandemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 30-a ýetdi

1382913
Türkiýede koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 30-a ýetdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Twitterden beren beýanatynda: "Koronawirus sebäpli ýene-de 9 adam ýogaldy, koronawirusa ýene-de 289 adamyň ýolugandygy anyklandy. Şeýlelik bilen koronawirusa ýolugan adamlaryň sany jemi 1 müň 236-a ýetdi" diýip habar berdi. 

Ministr Fahrettin Koja, şu günki güne çenli 20 müň 345 adamyň testden geçirilendigini mälim edip: "Seresap boluň. Bu ýurt, bu howpyň hötdesinden geler" diýip belledi. 



Degişli Habarlar