Hulusi Akar NATO-nyň maslahatyna gatnaşýar

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar ABŞ-nyň Goranmak ministri Mark Esper bilen duşuşyk geçirdi

1358541
Hulusi Akar NATO-nyň maslahatyna gatnaşýar

 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO-nyň Baş ştabynda ABŞ-nyň Goranmak ministri Mark Esper bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Siriýadaky we Yrakdaky howpsyzlyk we goranmak bilen bagly meseleler barada pikir alyşylandygy, mundan başgada Idlib bilen baglanşykly hem ABŞ-nyň hem-de NATO-nyň has anyk goşant goşmaklarynyň möhümdigi bellenilip geçildi.  

Hulusi Akar, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO-nyň Baş ştabynda başgada birnäçe duşuşyklar geçirildi.

“Tutanýerli goldaw missiýasyndaky çarçuwa ýurtlaryň maslahatyna” gatnaşan ministr Akar, ondan soň bolsa Ukrainanyň Goranmak ministri Andriý Zagorodnýuk bilen duşuşyk geçirdi.

Sebitleýin hadysalar bilen birlikde goranyş we harby ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk meseleleriniň ele alynan duşuşykdan soň Hulusi Akar, Gresiýanyň Goranmak ministri Nikolaos Panagiotopoulos bilen hem duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurdyň arasynda dialog kanallarynyň açyk tutulmagynyň möhümdigi nygtalyp geçildi.

Hulusi Akar, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynyň çäginde geçirilen maslahatyň “Operasiýalar we missiýalar” temaly bölüminede gatnaşdy.



Degişli Habarlar