Terrora garşy göreş dowam edýär

Yragyň demirgazygynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1311131
Terrora garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň Goranmak ministrligi, Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde, Sinat-Haftanin sebitlerinde PKK-a garşy howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýanyň geçirilendigi mälim edildi. 

Operasiýalaryň netijesinde Zap sebitinde 4 terrorçy, Sinat-Haftanin sebitlerinde 1 bolmak bilen PKK-a agza jemi 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylaryň terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görýändigi anyklandy. 

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär. 

Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi Tunjeli welaýatynda Žandarma we Polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparlaryndan ybarat jemi 2250 adam bilen "Gyran-7 Munzur jülgesi" operasiýasyny başlatdy. 

 


Etiketkalar: #operasiýa , #Türkiýe

Degişli Habarlar