Erdogan: “2020-nji ýyldaky ösüş meýilnamamyz 5 göterim” diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 2020-nji ýylda ösüş çaklamasyny 5 göterim hökmünde meýilleşdirendiklerini habar berdi

1263885
Erdogan: “2020-nji ýyldaky ösüş meýilnamamyz 5 göterim” diýdi

Prezident Erdogan Siwas welaýatynda Orta Anadoly Ykdysady forumda çykyş etdi.

Çykyşynda eksportyň 36 milliard dollardan 170 milliard dollara ýetendigini aýdan Prezident Erdogan: “Ýurdumyzy 2023-nji ýylda dünýäniň iň uly 10 ykdysadyýetiň birine ýetirmek ugurunda ynamly ädimler bilen öňe barýarys” diýdi.

Syýahatçylyk pudagynda hem uly ösüşleriň edilýändigini aýdan Erdogan, şu ýyl 52 million syýahatçynyň geljekdigini we bu sanyň Türkiýe Respublikasynyň taryhynyň iň uly görkezijisidigini aýan etdi.

Işewür adamlar bilen täze bazarlary tapmak, täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin dünýäniň çar tarapyna aýlanýandyklaryny, hem türk işewür adamlaryna hem-de Türkiýä gelýän global maýadarlara islendik goldawy berýändiklerini aýdan Erdogan: “Nesip bolsa ykdysadyýetimiziň dikeldiş etabyny 2019-njy ýylda tamamlap, öňümizdäki ýyldan başlap galan ýerimizden ösüş göçümimizi başladarys” diýip belledi.

Türkiýäniň şol wagtyň özünde hem Siriýada hem-de Yrakda operasiýalar geçirip, öz serhetleriniň howpsyzlygyny üpjün edýändigini aýdan Erdogan, Ortaýer deňiziniň gündogarynda ýurdyň hukugyny goramak üçin güýçli bir pozisiýa eýeleýändiklerini habar berdi.


Etiketkalar: #ösüş , #Siwas , #Erdogan

Degişli Habarlar