Çawuşogly “Uly Kordon Beýgelýän Gün” medaly bilen sylaglandy

Baýrak gowşurlyş dabarasy Ankarada geçirildi

1250588
Çawuşogly “Uly Kordon Beýgelýän Gün” medaly bilen sylaglandy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine we dostlugyň güýçlendirilmegine goşan goşantlary mynasybetli Ýaponiýanyň İmperatory Naruhito tarapyndan “Uly Kordon Beýgelýän Gün” medaly bilen sylaglandy.

Prezidentiň Kompleksinde geçirilen baýrak gowşurlyş dabarasyna Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý, Ýaponiýanyň Türkiýedäki İlçisi Akio Miýažima bilen paýtagtda geçirilen İlçileriň 11-nji maslahatyna gatnaşmak ýurda gelen Türkiýäniň daşary ýurtlardaky ilçileriniň ýany bilen köp sanly daşary ýurtly ilçiler gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden Oktaý Türk-Ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara goşant goşan Çawuşoglynyň Ýaponiýanyň İmperatory tarapyndan bu baýraga laýyk görülmeginiň Türkiýe üçin buýsandyryjydygyny aýtdy.

Dabara gatnaşanlara ýüzlenip eden çykyşyna ýapon dilinde “ Agşamyňyz haýyrly bolsun” diýip başlan Daşary işler ministri Çawuşogly bolsa: “Ýaponiýanyň iň uly baýragy bolan “Uly Kordon Beýgelýän Gün” medaly bilen sylaglanandygymüçin ýurdumyň we hökümetimiň adyndan buýsanýaryn. Pursatdan peýdalanyp onun Aly hezreti Ýapon İmperatoryna minnetdarlygymy bildirýärin” diýdi.

Bu möhüm baýragyň Türkiýe bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze bir beýanydygyna ünsi çeken Çawuşogly, türkler bilen ýaponlaryň milli medeniýetlerini biziň günlerimize çenli ýetiren, maşgala ojagyna uly sarpa goýup, döwrebaplaşmagyň hötdesinden gelen iki medeniýetdendigini nygtady.



Degişli Habarlar