“Haýsydyr bir dönük topary ýada terror guramasy asla jebisligizi we bitewiligimizi bozup bilmez"

Erdogan, Atatürk howa menzilinde geçirlen 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik günü duşuşygynda halka ýüzlenip çykyş etdi

1236079
“Haýsydyr bir dönük topary ýada terror guramasy asla jebisligizi we bitewiligimizi bozup bilmez"

 

Prezident R. T. Erdogan, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygynyň 3-nji ýylynda Stambul şäherindäki Atatürk howa menzilinde geçirlen 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik günü duşuşygynda halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda “Haýsydyr bir dönük topary ýada terror guramasy asla jebisligizi, bitewiligimizi we doganlygymyzy bozup bilmez” diýdi

Erdogan agdarlyşyk edenleriň ýada agdarlyşyk etmäge synanşanlaryň jerimesini çekendigini we Allanyň goldaw bermeginde jerimesini çekmäge dowam etjekdigini belledi.

2016-njy ýylyň 15-nji iýuly gijesi Türkiýäniň jebisligini nyşana alanlaryň maksadyna ýetip bilmändigini nygtan Erdogan “Şol garaňky gije boýun egmändikleri üçin halkymyzdan minnetdar” diýdi.

“Biz ymanymyza, taryhymyza, medeniýetimize, neslimize eýe çykmaga dowam ettikçe bu ýurdy hiç kim basyp alyp bilmez” diýen Erdogan  “Bu ýurdy hiç kim basyp alyp bilmez, bu halky hiç kim gul ýagdaýyna getirip bilmez” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar