Gurban Baýramy Düşümli Bolsun!

Erdogan, jebislik we bitewilik ýüzlenmesini berdi.

2153304
Gurban Baýramy Düşümli Bolsun!

Prezident R. T. Erdogan, Musulman älemini Gurban baýramy bilen gutlap, jebislik we bitewilik ýüzlenmesini berdi.

Prezident Erdogan wideo ýüzlenmesinde “Gurban baýramyňyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mübärek günleriň ýurdumyz, musulman älemi we tutuş adamzat üçin düşümli bolmagyny dileýärin” diýdi.

Ysragylyň basyşy astyndaky gazalylary hem Gurban baýramy bilen gutlan Erdogan “Gazada Ysraýylyň wagşyçylygyna sezewar bolýan doganlarymyzyň Gurban baýramyny mähirli gutlaýaryn. Zuluma we her gün gyrgynçylyga sezewar bolýan doganlarymyz üçin gysga wagtda asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny dileýärin” diýdi.

Prezident Erdogan, Gaza berilen ynsanperwer kömeginiň 55 müň tonnadan geçendigini, Türkiýäniň Ysraýyl bilen edýän söwda gatnaşyklarynyň saklanandygyny ýatlatdy.

Erdogan, Palestin döwletiniň ykrar edilmegi üçin uly tagalla edýändiklerine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjejkdigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar