Erdogan: “Terror guramalaryna garşy göreş egilşiksiz dowam edýär”

Prezident R.T.Erdogan terror guramalaryna garşy göreşiň egilşiksiz dowam edýändigini aýtdy

1172313
Erdogan: “Terror guramalaryna garşy göreş egilşiksiz dowam edýär”

Erdogan hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi.

Milli howpsyzlyk gullugy bilen Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň Kandil etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň merkezine guralan bilelikdäki operasiýa barada beýanat beren Prezident, guramanyň ýolbaşçy topary diýilýän adamlardan birnäçesiniň bombalanandygyny aýtdy.

Erdogan terrorçylyga garşy göreşde täze bir döwrüň dowam edýändigine ünsi çekip, ýerli we milli şertlerde öndürilen ýaraglar bilen terrorçylara agyr zarba urulýandygyny nygtady.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Golan depeleri baradaky kararyny berk tankyt edip; “Men etdim boldy, diýmek bilen bu iş bolmaz” diýdi.

Erdogan Golan depeleri barada BMG-niň 1967-nji ýylda kabul eden kararynyň bardygyny ýatlatdy.

ABŞ-nyň şol çemeleşmesi bilen sebitiň parahatçylygyna goşant goşmagy däl, eýsem dartgynlygy artdyrmagy we durnuklylygy ýola goýmak ugrundaky tagallalara zarba urmagy saýlap alandygyny nygtan Erdogan, onuň ýaňadandan seljerilmelidigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan Aýasofiýa muzeýiniň metjit bolup-bolmajakdygy baradaky soraga bolsa: “Bu indi biziň milletimiziň, yslam dünýäsiniň garaşýan netijesi, milletimiz uzak ýyllardan bäri Aýasofiýany metjit hökmünde görmegi arzuw edýär” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar