Erdogan, Azerbaýjany Garaşsyzlyk Güni Bilen Gutlady

Erdogan, Aliýewe, 28-nji maý Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

2144107
Erdogan, Azerbaýjany Garaşsyzlyk Güni Bilen Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň hem ýerleşýän sebitinde hem-de ýakyn geografiýada gazanan üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýtdy.

Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe, 28-nji maý Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde; “Garaşsyz Azerbaýanyň gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar”diýip belledi.

Erdogan, Türkiýe hökmünde 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda territoriasynyň bitewiliginiň gaýtadan ýola goýulmagyndan soň bellenilip geçilýän ilkinji Garaşsyzlyk gününde doganymyz Azerbaýjanyň begenjini paýlaşýarys. Azerbaýjanyň hem ýerleşýän sebitinde hem-de ýakyn geografiýada gazanan üstünleri bizi buýsandyrýar. “Bir millet, iki döwlet” şygaryna laýyklykda ýokary derejeli strategik gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalanmagyna kanagatlanma bildirýäris” diýdi.



Degişli Habarlar