Prezident Erdogan “Tersane Stambul” taslamasynyň gurluşygyna badalga berdi

Erdogan taslamanyň Stambulyň marka ýagdaýyna gelmegine we Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşjakdygyny belledi

1151131
Prezident Erdogan “Tersane Stambul” taslamasynyň gurluşygyna badalga berdi

Prezident R. T. Erdogan Stambulyň Beýogly etrabynda “Tersane Stambul” taslamasynyň gurluşygyna badalga berdi.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda Stambul we Haliç üçin taryhy taslamanyň gurluşygyna badalga berendiklerini nygtady.

Erdogan taslamanyň Stambulyň marka ýagdaýyna gelmegine we Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşjakdygyny belledi.

238 müň ine dördül metrlik meýdany öz içine alýan taslamanyň çäginde 70 ýahta üçin 2 sany ýahta portunyň, 5 ýyldyzly 3 myhmanhananyň guruljakdygyny aýdan Erdogan “Türkiýäniň iň uly 3 muzeýi bu ýerde gurlar. İlkinji zenan muzeýini hem bu ýerde gurarys. “Tersane Stambul” taslamasy 60 müň adama iş mümkinçiligini döreder” diýdi.

Prezident Erdogan taslamanyň çäginde medeniýet merkeziniň, sergi meýdançalarynyň, kino teatr zallarynyň we 5700 ulaglyk ýörite garažyň guruljakdygyny ýatlatdy



Degişli Habarlar