Türkiýe, Eýranda guralan hüjümi berk ýazgardy

Eýranyň Ynkylap goragçylaryny alyp barýan awtobusa guralan terrorçylykly hüjümde 27 esger ýogalypdy

1144897
Türkiýe, Eýranda  guralan hüjümi berk ýazgardy

Türkiýe, Eýranda Ynkylap goragçylaryny alyp barýan awtobusa guralan hüjümi berk ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Eýranda Ynkylap goragçylaryny alyp barýan awtobusa guralan kamikaze hüjüminde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Hüjümde “Bu hyýanatçylykly terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Eýranyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris” diýildi.

Eýranyň günorta gündogarynda Sistan-Buluçistan welaýatynda Eýranyň Ynkylap goragçylaryny alyp barýan awtobusa guralan terrorçylykly hüjümde 27 esger ýogalypdy, 13 esger hem ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Jeýşul Adl” atly gurama öz üstüne aldy.

 


Etiketkalar: #ýazgarmak , #Eýran , #esger

Degişli Habarlar