Kalyn Senator Grahama reaksiýa bildirdi

Graham terror guramasyna “hyzmatdaşymyz” diýipdi

1116673
Kalyn Senator Grahama reaksiýa bildirdi

Prezidentiň Metbugat Sekretary İbrahim Kalyn Amerikanyň Günorta Korolaýna ştatynyň Senatory Lindseý Grahamyň ABŞ-nyň Siriýadaky esgerlerini yzyna çekmek bilen bagly işleri barada ýazan habarnamasynda “Kürt hyzmatdaşlar” sözüne; “Terrorçylar hyzmatyşyňyz bolmaz. DAİŞ nähili musulmanlara wekilçilik etmeýän bolsa, PKK hem Siriýadaky ýa-da başga ýerlerdäki kürtlere wekilçilik etmeýär” diýip jogap berdi.

Kalyn mesele baradaky ýüzlenmesini Twitter arkaly berdi.

Kalyn Grahamy ýarlyklap beren habarnamasynda; “Terrorçy PKK we onuň Siriýadaky bölegi PÝD we ÝPG bilen gönüden arabaglanşygyň bardygyny bilýäňiz, ony halk köpçüliginiň öňünde hemmelerden köp beýan etdiňiz. Terrorçylar siziň hyzmatdaşyňyz bolmaz. DAİŞ nähili musulmanlara wekilçilik etmeýän bolsa, PKK hem Siriýadaky we başga ýerlerdäki kürtlere wekilçilik etmeýär” diýip ýazdy.

Amerikanyň Günorta Korolaýna ştatynyň Senatory Lindseý Graham Twitter arkaly beren habarnamasynda; “Prezident esgerlerimizi Siriýadan çeken halatynda şulary üpjün eder; 1. DAİŞ dolulygyna ýok ediler. 2. Eýran boşan ýerlere ornaşmaz. 3. Kürt hyzmatdaşlarymyzy gorar. Prezident Tramp esgerleri yza çekýärkä şol maksatlara ýetmek üçin serkerdelerimiz we hyzmatdaşlarymyz bilen işleşýär” diýip ýazypdy.

Grahamyň habarnamasyna Türkiýäniň ABŞ-daky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Serdar Kylyç hem reaksiýa bildirip; “Hormatly Senator kürt hyzmatdaşlarymyz diýýärkä men ÝPG/PÝD-äni nazarda tutmaýanyňyzy bilýärin. ÝPG/PÝD bilen PKK-nyň arasynda inkär edilmesiz gatnaşygy siz Waşingtondaky her bir adamdan gowy bilýäňiz we ony halk köpçüligine paş etdiňiz” diýipdi.



Degişli Habarlar