Erdogan PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG-e garşy operasiýa geçirilip bilinjekdigini mälim etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG-e garşy operasiýa geçirilip bilinjekdigini mälim etdi

1095952
Erdogan PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG-e garşy operasiýa geçirilip bilinjekdigini mälim etdi

Erdogan Ak partiýanyň TBMM-däki topariçi maslahatynda çykyş etdi.

Käbir ýurtlaryň terror guramasy DAIŞ-i bahana edip, Siriýada bähbit araýandygyny aýdan Erdogan: “DAIŞ bahanasy bilen herkim Siriýada bähbit we peýda görmek üçin ylgap ýören mahaly, biz ähli howplara garamazdan söweşe girdik we iň agyr zarbany saldyk. Siriýada DAIŞ ýokdyr. Diňe DAIŞ ýaly görünýän, bu ýurdy we sebiti bulaşdyrmak üçin garaşdyrylýan, tälim berilen, harby enjamlar bilen üpjün edilen, barlyklaryny dowam etdirmeklerine rugsat berilen ençeme kiçiräk toparlar bardyr” diýip belledi.

“Biz birnäçe aýyň dowamynda bu terror guramasyny ortadan aýyrmaga kepil geçýäris” diýen Erdogan: “Yslamyň başyndaky iň uly aladalaryň biri bolan bu guramany biz çökertmäge başladyk, emma DAIŞ-e garşydyklaryny aýdýanlar, gynansagam DAIŞ-e garşy hiç hili göreş alyp barmady” diýdi.

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegini emele getirýän ÝPG-niň ýeke-täk maksadynyň Türkiýedigini aýdan Erdogan, bular ýaly bir howpa garşy mundan beýläk sesslerini çykartmazlyklarynyň mümkin däldigini belläp, sebitde operasiýa geçirilip bilinekdigini habar berdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #PKK , #ÝPG , #DAIŞ , #Siriýa

Degişli Habarlar