Siriýa temaly Dört taraplaýyn maslahat ertir Stambulda geçiriler
Türkiýäniň ýer eýeçilik etmegindäki Siriýa temaly Dört taraplaýyn maslahat, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda ertir Stambulda geçiriler
Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek maslahatyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Idlibdäki parahatçylygyň berkdilmegi we Siriýa krizisine syýasy çözgüdiň tapylmagy üçin umumy ýagdaýda tagalla edilmegi bolar.
Maslahatyň ahyrynda dört ýurdyň umumy beýannama kabul etmegine garaşylýar.
Maslahata Astana platformasy bilen BMG-niň Siriýa boýunça ýörüte wekili Steffan De Misturanyň Ženewada emele getiren kiçi toparlaryň wekillerini ilkinji gezek bir ýere jemlär.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we De Misturanyň hem maslahata gatnaşmagyna garaşylýar.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň daşary işler ministri Belgiýada saparda bolar
Ministr Fidan saparynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar hem geçirer