Amerikan resmi wekiliýeti Ankarada saparda boldy

Resmi wekiliýet Daşary işler we Goranmak ministrliginde möhüm duşuşyklar geçirdi

1038802
Amerikan resmi wekiliýeti Ankarada saparda boldy

Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň agzalary Mişel Turner, Jon Garamendi, Tom Marino bilen ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden Robert Hoodtdan ybarat resmi wekiliýet Daşary işler we Goranmak ministrliginde möhüm duşuşyklar geçirdi.

 Amerikan resmi wekiliýeti mundan başda NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasynyň Baş sekretary Dewid Hobbs we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň agzalary bilen duşuşdy, F-35 maksatnamasynyň çäginde Türk Awiasiýa we Kosmos senagaty TAI-ä baryp gördi.

Resmi wekiliýet NATO-nyň Gury ýer güýçleri serkerdeliginiň Izmirdäki merkezine we Adana Injirlik  harby bazaryna hem baryp görüpdi.

 



Degişli Habarlar