Zeýtun şahasy operasiýasynda şehit bolan esgerleriň sany 3-e ýetdi

Mehmet Muratdagy operasiýanyň çäginde Afriniň golaýynda bolan çaknyşykda şehit boldy

895518
Zeýtun şahasy operasiýasynda şehit bolan esgerleriň sany 3-e ýetdi

Afriniň terrorçylardan halas edilmegi üçin geçirilýän Zeýtun şahasy operasiýasynda şehit bolan esgerleriň sany 3-e ýetdi.

Kaýserindäki harby toparyň çäginde harby gulluk borjunu ýerine ýetirýän esger Mehmet Muratdagy operasiýanyň çäginde Afriniň golaýynda bolan çaknyşykda şehit boldy.

Çaknyşykda ýaralanan we hassahanada berjergi astyna alynan Muratdagy halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde ozal hem esger  Oguz Kaan Usta bilen ofiser Musa Özalkan şehit bolupdy



Degişli Habarlar