TÝG-niň basyp alan ýerleriniň sany 11-e ýetdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Zeýtun şahajygy operasiýasynda terror guramasy PÝD/PKK-nyň gözegçiligi astynda bolan 11 aýry ýeri basyp aldy

893695
TÝG-niň basyp alan ýerleriniň sany 11-e ýetdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we operasiýa goldaw beren Azat Siriýa goşuny şu gün irden başladan gury ýer operasiýasynda Afriniň Rajo we Bülbül etrapçalaryna degişli Şenkal, Kurni, Bali, Edamanly obasy bilen Kito, Kordo we Bibno diýilen ýerleri, Siriýa Tel depesi bilen 240-njy depe atly nokatlary we ýene-de 2 depäni basyp aldy. 

Şeýlelik bilen gury ýer operasiýasynyň ilkinji gününde Afriniň demirgazyk, demirgazyk-günbatar we günbatar taraplaryndan girilip, öňe gidişlik edildi. 



Degişli Habarlar